Ï TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y <br>Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda (rejelenen görnüşi)
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y <br>Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda (rejelenen görnüşi)

view-icon 14733
I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda.
Türkmenistanyň prokuraturasy

1. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniňnamalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenilýär.

2. Prokuror kazyýetlerde işleriň seljerilişine kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşyp, raýatlaryň hukuklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär.

2-nji madda. Şu Kanunda bar bolan käbir adalgalaryň düşündirilişi

1. «Prokuror» diýlip Türkmenistanyň Baş prokuroryna, welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň,etrap hukukly şäherleriň prokurorlaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlara, olaryň orunbasarlaryna, uly kömekçilerine we kömekçilerine, baş müdirlikleriň we müdirlikleriň, baş bölümleriň we bölümleriň başlyklaryna, olaryň orunbasarlaryna, uly prokurorlaryna we prokurorlaryna aýdylýar.

2. «Prokuratura işgäri» diýlip prokuratura edaralarynda belli bir wezipäni eýeläp, prokuratura edaralarynyň öňündäki wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan döwlet gullukçysyna düşünilýär.

3-nji madda. Prokuraturanyň işiniň maksatlary we ugurlary

1. Prokuraturanyň Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine, şeýle-de Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeginiň maksady kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün etmekden we kanunylygy pugtalandyrmakdan ybarat bolup:

1) raýatlaryň durmuş-ykdysady, syýasy we gaýry hukuklaryny we azatlyklaryny;

2) döwlet häkimiýet edaralaryň, Ýaragly Güýçleriň, beýleki goşunlaryň we harby edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklaryny;

3) önümçilik-hojalyk we täjirçilik işine gatnaşyjylaryň hukuklaryny goramakdyr.

2. Prokuratura edaralary:

1) Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişine gözegçiligi;

2) şu maddanyň 1-nji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilenler tarapyndan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçiligi;

3) dessin-agtaryş, anyklaýyş we derňew edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi;

4) kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda jenaýaty derňemegi, jenaýat edenleri jenaýat jogapkärçiligine çekmegi;

5) korrupsiýa garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi, hukuk goraýjy edaralaryň bu ugurda alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy;

6) kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetlerde işleriň seljerilişine gatnaşmagy, raýatlaryň hukuklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmegi, kazyýetiň kanuna ters gelýän hökümlerine, çözgütlerine, kararlaryna we kesgitnamalaryna teklipnama ýa-da garşylyknama getirmegi;

7) tutulyp saklananlaryň, tussag edilenleriň saklanylýan we azatlykdan mahrum ediş jezalarynyň ýerine ýetirilýän ýerlerinde, kazyýetiň bellän beýleki jezalarynyň, mejbur ediş häsiýetli çäreleriň ýerine ýetirilýän edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň prokuraturasy öz ygtyýarlyklarynyň çygryna girýän ugurlar boýunça kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşýar.

4-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Baş prokuraturasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary, şonuň ýaly-da halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözmäge gatnaşýar.

5-nji madda. Prokuraturanyň işiniň hukuk esaslary

1. Prokuratura edaralarynyň işiniň guralyşy we tertibi hem-de prokurorlaryň ygtyýarlyklary TürkmenistanyňKonstitusiýasy, şu Kanun we prokuratura edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk wezipeleri ýerine ýetirmek prokuraturanyň üstüne ýüklenilip bilinmez.

6-njy madda. Prokuraturanyň guralyşynyň we işiniň ýörelgeleri

1. Prokuratura edaralarynyň kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek işi kanunylyga esaslanýar.

2. Türkmenistanyň prokuraturasy aşakda durýan prokurorlaryň ýokarda durýan prokurorlara weTürkmenistanyň Baş prokuroryna tabynlyk ýörelgesine esaslanýan prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyny (mundan beýläk – prokuratura edaralary) düzýär.

3. Türkmenistanyň prokuratura edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) öz ygtyýarlyklaryny döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara we jemgyýetçilik birleşiklerine garaşsyz, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna pugta laýyklykda amala aşyrýarlar;

2) kim tarapyndan kanunyň bozulandygyna garamazdan, kanun bozulmalaryny aradan aýyrmak, bozulan hukuklary dikeltmek hem-de bu düzgün bozulmalaryna ýol beren adamlary kanunda bellenen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýärler;

3) kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak işinde hukuk goraýjy we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde hereket edýärler;

4) ýörite kanun arkaly goralýan syrlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän ýagdaýlarda aýan hereket edýärler;

5) ýurtda kanunylygyň we hukuk tertibiniň ýagdaýy, olary pugtalandyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat, Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine maglumat berýärler.

7-nji madda. Prokuraturanyň işi we şahsyýetiň hukuklary

1. Prokuratura işgärleri öz işini amala aşyranlarynda raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, adamyň we raýatyň kanunöňündäki döwlet tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýärler.Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edilmegine ýol berilmeýär.

2. Prokuratura işgärleri jenaýat işleri boýunça tutulyp saklanan we ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özlerini goramaga bolan kanuny hukuklaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döredýärler.

3. Özi babatda barlag ýa-da derňew geçirilen adamlar barlagyň ýa-da derňewiň netijesi bilen tanyşmaga, hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmeginiň sebäplerini bilmäge we maglumat almaga hukuklydyrlar.

4. Prokuratura işgäriniň hereketleri bilen özüniň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri kemsidilen hasap edýän adam bu barada ýokarda durýan prokurora şikaýat etmäge hukuklydyr.

8-nji madda. Prokuratura işgärleriniň garaşsyzlygynyň kepillikleri

1. Prokuratura işgärleri öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda garaşsyzdyrlar we eldegrilmesizlik hukugyndan peýdalanýarlar.

2. Prokuratura işgärlerini bikanun çözgüt kabul etmäge mejbur etmek ýa-da olaryň kanuny işine päsgel bermek maksady bilen döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem raýatlaryň haýsydyr bir görnüşde olara täsir etmegi gadagandyr we kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

3. Prokuratura edaralarynyň geçirýän barlaglarynyň we deslapky derňewiniň barşynda alnan maglumatlary ol hereketleriň tamamlanmagyna çenli prokuroryň ýa-da sülçiniň rugsady bolmasa, hiç kimiň aýan etmäge haky ýokdur.

9-njy madda. Prokuroryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmegiň hökmanylygy

1. Prokuroryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan talaplaryny ýerine ýetirmek döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar, guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr we bellenilen möhletde berjaý edilmäge degişlidir.

2. Statistik we beýleki maglumatlar, resminamalar ýa-da olaryň nusgalary, kepilnamalar we prokuroryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy üçin zerur bolan beýleki maglumatlar prokuroryň talap etmegi boýunça oňa tölegsiz berilýär.

3. Wezipeli adamlar we raýatlar prokuroryň çagyrmagy boýunça barmaga hem-de geçirilýän prokuror barlagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça düşündiriş bermäge borçludyrlar.

4. Esasly sebäpler bolmazdan, prokuroryň kanuny talaplarynyň wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem onuň çagyrmagy boýunça barmakdan boýun gaçyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär. Bellenilen tertibe laýyklykda çagyrylan adam esassyz sebäplere görä prokuratura gelmekden ýüz dönderen halatynda, prokuroryň karary esasynda mejbury ýagdaýda getirilip bilner.

10-njy madda. Prokuratura edaralarynda arzalara we şikaýatlara seretmek

1. Prokuratura edaralary raýatlaryň, ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalaryna, şikaýatlaryna we beýleki ýüztutmalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredýärler we çözýärler. Şikaýatlary hereketlerine ýa-da çözgütlerine şikaýat edilýän edara ýa-da wezipeli adama seretmek üçin ibermek gadagandyr.

2. Raýatlardan we ýuridik şahslardan prokuratura edaralaryna gelip gowuşýan ýüztutmalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde seredilýär.

3. Prokuror raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar, döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda arzalara we şikaýatlara seretmegiň tertibini düzgünleşdirýän kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

4. Ýüze çykarylan kanun bozulmalaryň her biri boýunça prokuror raýatlaryň we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek, düzgün bozujylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýär.

5. Arzalara, şikaýatlara we beýleki ýüztutmalara berilýän jogaplar delillendirilen bolmalydyr hem-de olarda kabul edilen çözgütlere şikaýat etmegiň tertibi düşündirilmelidir.

11-nji madda. Prokuroryň hereketlerine we namalaryna şikaýat etmek

1. Prokuror gözegçiliginiň hereketlerine we namalaryna şikaýatlar, eger kanunda başga möhlet bellenilmedik bolsa, onda prokuroryň şikaýat edilýän hereketiniň amala aşyrylan ýa-da namasynyň yglan edilen pursadyndan başlap on günüň dowamynda ýokardaky prokurora getirilip bilner. Şikaýat etmek olaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

2. Prokuror öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen, raýatlar we ýuridik şahslar barada amala aşyrylýan hereketleri ýa-da prokuror gözegçiliginiň çykarylan namalaryny, olara şikaýat etmegiň tertibini we möhletlerini düşündirmäge borçludyr.

3. Ýokardaky prokuror aşakdaky prokuroryň hereketlerine we namalaryna bolan şikaýatlara bir aý möhletde seredýär we netijeleri hakynda arz edijä hem-de hereketlerine şikaýat edilen prokurora ýazmaça jogap berýär.

4. Prokuror gözegçiliginiň şikaýat edilen namasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmedik halatynda ol ýokardaky prokuror tarapyndan yzyna alnyp, ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner.

12-nji madda. Prokuroryň döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine gatnaşmagy

1. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maslahatlaryna gatnaşmaga hukuklydyr.

2. Welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokurorlary ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maslahatlaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlarbolsa öz gözegçilik edýän çäklerinde geçirilýän maslahatlara gatnaşmaga hukuklydyr.

3. Prokuror, onuň orunbasary, şeýle hem olaryň tabşyrmagy boýunça beýleki prokurorlar öz girizen teklipnamalarynyň we garşylyknamalarynyň döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan seredilişine gatnaşmaga hukuklydyr.

13-nji madda. Prokuroryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyny kämilleşdirmek işine gatnaşmagy

Prokuror gözegçiligi amala aşyrylýan döwründe Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykan halatynda, Baş prokuror kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan wezipeli adamlara we edaralara Türkmenistanyň kanunlaryny üýtgetmek, goşmaça girizmek, ýatyrmak ýa-da täzeden kabul etmek hakyndaky teklipleri girizmäge hukuklydyr.

II bölüm. PROKURATURA EDARALARYNYŇ

ULGAMY WE GURALYŞY

14-nji madda.
Prokuratura edaralarynyň ulgamy

1. Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Başprokurory ýolbaşçylyk edýär.

2. Prokuratura edaralarynyň ulgamy şulardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasy;

2) welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalary;

3) etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokuraturalary;

4) harby prokuraturalar;

5) ýöriteleşdirilen prokuraturalar.

3. Prokuraturanyň ýerlerdäki edaralaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklibi boýunça bellenilen tertipde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

15-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokuroryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

1. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

2. Türkmenistanyň Baş prokurory ygtyýarlyk möhleti tamamlananda, prokuroryň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş eden halatynda, saglyk ýagdaýy boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy bilen baglanyşykly, başga işe geçmegi sebäpli ýa-da öz islegi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.

16-njy madda. Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

1. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary, olaryň orunbasarlary, şeýle hem etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. Olary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilata mälim edilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet wezipeli işgärleri eýeleýän wezipesinden boşatmaga şu aşakdaky esaslar boýunça ýol berilýär:

1) ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli;

2) prokuroryň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş eden halatynda;

3) gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik halatynda;

4) hünär synagynyň netijeleri boýunça;

5) saglyk ýagdaýy sebäpli;

6) başga işe geçmegi sebäpli;

7) öz islegi boýunça;

8) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi bilen;

9) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.

17-nji madda. Prokurorlaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri

Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň orunbasarlary, welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary we olaryň orunbasarlary, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar bäş ýyl möhlete bellenilýär we öz wezipesini yzly-yzyna iki möhletden köp eýeläp bilmeýär.

18-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy

1. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär, onuň orunbasarlary, uly kömekçileri we kömekçileri bolýar. Orunbasarlaryň arasynda wezipe borçlaryny bölmek Baş prokuror tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Prokuraturanyň guralyşynyň we işiniň esasy meselelerine Baş prokuraturanyň kollegiýasy tarapyndan seredilýär. Kollegiýa maslahat beriji edara hasaplanylýar.

3. Baş prokuraturanyň düzümini baş müdirlikler, müdirlikler we bölümler düzýär. Baş müdirlikleriň, müdirlikleriň, bölümleriň başlyklary Baş prokuroryň uly kömekçileridir, olaryň orunbasarlary we müdirlikleriň bölümleriniň başlyklary bolsa Baş prokuroryň kömekçileridir.

4. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň gözegçiligiň käbir ugurlary we aýratyn tabşyryklar boýunça uly kömekçileri we kömekçileri bolup, olaryň hukuk derejesi degişlilikde baş müdirlikleriň we müdirlikleriň başlyklarynyň we olaryň orunbasarlarynyň, bölüm başlyklarynyň hukuk derejesine laýyk gelýär.

5. Baş prokuraturada prokuratura edaralarynyň kanunçylygy kämilleşdirmek işi bilen baglanyşykly meselelere seretmek üçin Ylmy-usulyýet Geňeşi hereket edýär. Ylmy-usulyýet Geňeş hakyndaky Düzgünnama we onuň düzümi Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan tassyklanylýar.

19-njy madda. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalary

1. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary degişli prokuraturalara ýolbaşçylyk edýärler we olarda orunbasarlaryň, prokurorlaryň uly kömekçileriniň we kömekçileriniň wezipeleri bellenilýär.

2. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda kollegiýa döredilýär, olar maslahat beriji edaralar bolup durýarlar.

3. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda baş bölümler we bölümler döredilýär. Baş bölümleriň we bölümleriň başlyklary degişli prokurorlaryň uly kömekçileridir, olaryň orunbasarlary we bölüm prokurorlary bolsa olaryň kömekçileridir.

20-nji madda. Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokuraturalary, harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalar

Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokuraturalaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalara degişli prokurorlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Görkezilen prokuraturalarda prokurorlaryň orunbasarlarynyň, prokurorlaryň uly kömekçileriniň, kömekçileriniň, uly sülçüleriň we sülçüleriň wezipeleri bellenilýär.

21-nji madda. Prokuraturanyň sülçüleri

1. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýanynda aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüler, aýratyn möhüm işler boýunça sülçüler, şeýle hem uly sülçüler bolup biler. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda aýratyn möhüm işler boýunça sülçüler, uly sülçüler, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriňprokuraturalarynda, harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalarda uly sülçüler we sülçüler bolýar.

2. Prokuraturanyň sülçüleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen, şeýle hem prokuror tarapyndan özlerine berlen beýleki işler boýunça barlag we deslapky derňew işlerini geçirýärler.

22-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň Baş prokurory kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gös-göni we prokuratura edaralarynyň ulgamynyň üsti bilen gözegçilik edýär. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Prezidentine prokuratura edaralarynyň ulgamynyň işi barada hasabat berýär.

2. Türkmenistanyň Baş prokurory:

1) prokuratura edaralaryna ýolbaşçylyk edýär, olaryň işini guraýar, olaryň işine gözegçilik edýär;

2) prokuratura edaralarynyň işgärlerini seçip almak, ýerli-ýerinde goýmak, hünär synagyny geçirmek we işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça işi alyp barýar;

3) prokuratura edaralarynyň işiniň tärlerini we usullaryny kämilleşdirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

4) prokuratura edaralarynyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, hünär derejelerini bermek we Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada Türkmenistanyň Prezidentine teklip berýär;

5) bellenilen tertipde prokuratura edaralarynyň işgärlerini wezipä belleýär we hünär derejelerini berýär;

6) tabynlygyndaky prokuratura edaralarynyň işiniň talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen prokurorlar zähmet rugsadyna çykanlarynda ýa-da olaryň wezipeleri boş bolan halatynda, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlarynyň hem-de ýöriteleşdirilen prokurorlaryň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi tejribeli dessin işgärleriň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi olaryň orunbasarlarynyň ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlarynyň, harby prokuroryň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi şol welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlarynyň ýa-da olaryň orunbasarlarynyň üstüne ýükleýär.

7) Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda we olary ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamynyň işini guramagyň meselelerini düzgünleşdirýän, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň ählisiniň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan buýruklary, görkezmeleri, düzgünnamalary, gollanmalary çykarýar.

23-nji madda. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlarynyň tabynlygyndaky prokuratura edaralaryna ýolbaşçylyk etmek boýunça ygtyýarlyklary

Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary Türkmenistanyň kanunlary we Türkmenistanyň Baş prokurorynyň namalary esasynda etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň we ýöriteleşdirilen prokuraturalaryň işine ýolbaşçylyk edýärler, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde işgärleri seçip almak, ýerli-ýerinde goýmak, hünär synagyny geçirmek we işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça işi alyp barýarlar, işgärleri wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, hünär derejelerini bermek we Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada Türkmenistanyň Baş prokuroryna teklip berýärler, öz tabynlygyndaky ähli işgärler üçin hökmany bolan buýruklary we görkezmeleri çykarýarlar, tabynlygyndaky prokuratura edaralarynyň wezipe sanawlaryndaky üýtgetmeler hakynda teklipleri girizýärler.

24-nji madda. Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlarynyň, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlaryň ygtyýarlyklary

Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar degişli prokuraturalaryň işine ýolbaşçylyk edýärler we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tabynlygyndaky işgärleriň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan buýruklary we görkezmeleri çykarýarlar, prokuraturanyň wezipe sanawyny üýtgetmek hakynda, öz tabynlygyndaky prokuratura işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda ýokardaky prokurora teklipleri berýärler.

25-nji madda. Prokuratura edaralaryndaky kollegiýalar

1. Geňeşli çözgütleri talap edýän hem-de prokuratura edaralarynyň işiniň has möhüm meselelerine seretmek üçin Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda kollegiýalar döredilýär.

2. Kollegiýanyň mejlisinde prokuraturanyň işiniň esasy ugurlary boýunça prokuror gözegçiliginiň ýagdaýy, prokuratura edaralarynyň işini guramaçylyk taýdan kämilleşdirmegiň, işgärleri seçip-saýlap almagyň we ýerli-ýerinde goýmagyň meseleleri, kadalaşdyryjy häsiýetdäki namalar ara alnyp maslahatlaşylýar, tabynlykdaky prokurorlaryň we prokuratura edaralarynyň beýleki işgärleriniň hasabatlary diňlenilýär, kollegiýanyň iş meýilnamasyna girizilen meseleler boýunça geçirilen barlaglaryň we umumylaşdyrmalaryň netijelerine we başga meselelere seredilýär.

3. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kollegiýasy Türkmenistanyň Baş prokuroryndan (kollegiýanyň başlygy), onuň orunbasarlaryndan, prokuratura edaralarynyň beýleki ýolbaşçy işgärlerinden ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kollegiýasynyň düzümi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda kollegiýalar degişli prokuratura ýolbaşçylyk edýän prokurordan (kollegiýanyň başlygy), onuň orunbasarlaryndan we prokuratura edaralarynyň beýleki işgärlerinden ybarat düzümde döredilýär. Kollegiýanyň düzümi degişli prokurorlaryň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan tassyklanylýar.

III bölüm. PROKUROR GÖZEGÇILIGI

I BAP. UMUMY GÖZEGÇILIK

26-njy madda.
Gözegçiligiň mazmuny we wezipeleri

1. Prokuratura şu aşakdakylary üpjün etmek bilen gözegçiligi amala aşyrýar:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň döwlet dolandyryş edaralary, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, önümçilik-hojalyk we täjirçilik işine gatnaşýanlar, kärhanalar, edaralar, guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar hem-de raýatlar tarapyndan takyk we birmeňzeş berjaý edilmegini;

2) şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilen edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan çykarylýan hukuk namalarynyň Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmegini;

3) raýatlaryň kanunda bellenilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini;

4) kanun bozulmalara ýol berilmegine ýardam edýän şertleri we sebäpleri aradan aýyrmak, bozulan hukuklarydikeltmek üçin çäreleriň görülmegini.

2. Prokuraturanyň prokuror gözegçiligini amala aşyrýan şahslarynyň içki hojalyk işine gatyşmaga haky ýokdur. Kanunlaryň ýerine ýetirilişine barlaglar gelip gowşan habarlaryň we gös-göni prokuror täsir edişini talap edýän kanun bozulmalar hakynda bar bolan maglumatlaryň esasynda geçirilýär.

27-nji madda. Prokuror gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi

1. Prokuror gözegçiliginiň hereketleri we olaryň netijesinde çykarylan namalar Türkmenistanyňkanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylan we girizilen ýagdaýynda kanuny güýje eýe bolup biler.

2. Kanunlaryň ýerine ýetirilişini barlamak prokuror tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:

1) iş meýilnamasynyň esasynda;

2) kanun bozulmalar hakynda arzalar, şikaýatlar, habarlar we beýleki resmi maglumatlar bolanda;

3) kanun bozulmanyň gös-göni alamatlary ýüze çykarylanda;

4) ýokardaky prokuroryň tabşyrygy ýa-da talapnamasy boýunça.

3. Kanunçylygyň berjaý edilişini barlamak bir aýa çenli möhletde geçirilýär. Barlagy bellän prokuror ýokardaky prokuroryň razylygy bilen onuň geçirilmegini üç aýa çenli, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň razylygy bilen bolsa alty aýa çenli uzaldyp biler, ol bu hakda barlanylýan guramanyň ýolbaşçysyny ýazmaça görnüşde habarly edýär.

4. Prokuror Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň bozulmalary hakynda prokuratura gelip gowşan habary barlamagy hukuk tertibiniň bozulmagyna täsir etmäge borçly edilen degişli edara tabşyryp biler. Prokuror bu edarany barlagyň netijeleri hakynda özüne habar bermäge borçly etmäge hukuklydyr.

28-nji madda. Gözegçilik amala aşyrylanda prokuroryň ygtyýarlyklary

1. Prokuror gözegçilik tertibinde kanunlaryň ýerine ýetirilişine barlagyň barşynda şulara hukuklydyr:

1) işi barlagyň mazmuny bilen baglanyşykly kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň çägine we jaýyna gulluk şahsyýetnamasyny görkezmek bilen girmäge, olaryň döwlet syry hasaplanmaýan resminamalary we maglumatlary bilen tanyşmaga, kanun bozulmalar barada prokuratura edaralaryna gelip gowşan habarlar bilen baglanyşykly kanunlaryň ýerine ýetirilişini barlamaga;

2) ýolbaşçylardan we beýleki wezipeli adamlardan kanunylygyň ýagdaýy we ony üpjün etmek boýunça kabul edilýän çäreler hakynda zerur resminamalaryň, maglumatlaryň, hasabat we beýleki maglumatlaryň berilmegini, gözegçiligindäki we tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we tabynlygyndaky wezipeli adamlaryň işine barlaglaryň we derňewleriň geçirilmegini, hünärmenleriň berilmegini we seljermeleriň geçirilmegini, öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda prokuratura gelip gowşan maglumatlaryň, ýüztutmalaryň barlaglarynyň geçirilmegini ýolbaşçylardan we beýleki wezipeli adamlardan talap etmäge hem olaryň netijeleri hakynda habar bermäge borçly etmäge, barlag hereketleriniň geçirilmegine gatnaşmaga;

3) wezipeli adamlary we raýatlary çagyrmaga, kanun bozulmalar barada olardan dilden we ýazmaça düşündirişleri talap etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki barlag hereketlerini ýerine ýetirmäge.

2. Prokuror tarapyndan talap edilýän maglumat oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde prokuror tarapyndan görkezilen möçberlerde we möhletlerde tölegsiz berilýär.

3. Prokuror Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda talap edilen maglumatda bar bolan döwlet we beýleki syryň aýan edilmezligini üpjün etmäge borçludyr.

4. Şu Kanunyň 26-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen edaralaryň wezipeli adamlary barlaglary we derňewleri geçirmek hakynda prokuroryň talaplaryny ýerine ýetirmäge haýal etmän girişmäge borçludyrlar.

5. Prokuror barlagyň netijeleri boýunça şulara hukuklydyr:

1) wezipeli adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän hukuk namalaryna we hereketlerine garşylyknama getirmäge;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol beren döwlet dolandyryş edaralaryna we kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryna ýa-da kanun bozulmalary we olary amala aşyrmaga ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda ýokarda durýan edara teklipnama bermäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynyň göz-görtele bozulmalaryny düzetmek hakynda tabşyryknama bermäge;

4) kanun bozulmanyň öňüni almak maksady bilen,wezipeli adama ýa-da raýata ýazmaça görnüşde duýduryş bermäge:

5) jenaýat işini gozgamak, düzgün-nyzam önümçiligini we administratiw hukuk bozulmalarynyň önümçiligini gozgamak, şeýle hem bikanun tutulyp saklanan raýatlary gyssagly boşatmak barada, aýratyn halatlarda ýaşaýyş jaýyny baş-başdak eýelän ýa-da ýykylmak howpy astynda durýan jaýlarda ýaşaýan şahslary ýaşaýyş jaýyndançykarmak barada kanunda bellenilen tertipde karar çykarmaga;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde raýatlaryň we döwletiň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak üçin kazyýete hak isleýiş arzasy (arza) bilen ýüz tutmaga;

7) raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň kanuny bähbitleriniň bozulmagynda günäkär wezipeli adamlary jogapkärçilige çekmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäreler görmäge.

II BAP. PROKUROR GÖZEGÇILIGINIŇ NAMALARY

29-njy madda.
Prokuror täsir ediş namalarynyň ulgamy

Prokuror kanunyň, düzgün-tertibiň bozulmalary ýüze çykarylan halatynda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen esaslarda we tertipde şu aşakdaky täsir ediş namalaryny çykarýar:

1) garşylyknama;

2) teklipnama;

3) tabşyryknama;

4) duýdyryş;

5) karar;

6) kazyýete hak isleýiş arza (arza).

30-njy madda. Garşylyknama

1. Prokuror şu Kanunyň 3-nji maddasynda görkezilen hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň hereketleriniň we namalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi barada ýazmaça garşylyknama getirýär.

2. Prokuror garşylyknamada bikanun namanyň ýatyrylmagyny ýa-da onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk getirilmegini, şeýle hem wezipeli adamyň bikanun hereketiniň bes edilmegini we bozulan hukugyň dikeldilmegini talap edýär.

3. Prokuroryň Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän hukuk namasy baradaky garşylyknamasy ony çykaran ýa-da ýokarda durýan edara berilýär. Wezipeli adamyň bikanun hereketlerine hem hut şu tertipde garşylyknama getirilýär.

4. Prokuroryň garşylyknamasyna onuň gelip gowşan gününden başlap, on günüň dowamynda degişli edara ýa-da wezipeli adam tarapyndan, kollegial edaranyň çykaran çözgüdi barada garşylyknama getirilen mahalynda bolsa, şol edaranyň ýakynda boljak mejlisinde, ýöne bir aýdan gaýra goýulman seredilmelidir. Oňa seredilmeginiň netijeleri barada prokurora habar berilýär. Garşylyknama kollegial edara tarapyndan seredilende mejlisiň boljak güni hakynda prokurora habar berilýär, onuň bolsa şol mejlise gatnaşmaga hukugy bardyr.

5. Kanunlarda bellenilen halatlarda we tertipde garşylyknama seredilýänçä garşylyk bildirilen namanyň ýerine ýetirilmegini togtatmaga prokuroryň hukugy bardyr.

6. Prokuroryň garşylyknamasyna seredilýänçä onuň özi ýa-da ýokardaky prokuror tarapyndan garşylyknama yzyna alnyp bilner.

31-nji madda. Teklipnama

1. Prokuror kanun bozulmalaryny düzetmek hakyndaky teklipnamany şeýle düzgün bozulmany aradan aýyrmaga ygtyýarly edara ýa-da wezipeli adama iberýär.

2. Teklipnama gaýra goýulman seredilmelidir we teklipnama berlen gününden başlap, bir aýyň dowamynda degişli edara ýa-da wezipeli adam tarapyndan ýol berlen kanun bozulmalary, şuňa getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak boýunça anyk çäreler görülmelidir.

3. Seredilen teklipnamanyň netijeleri we görlen çäreler hakynda edara ýa-da wezipeli adam prokurora ýazmaça habar berýär. Kollegial edara tarapyndan teklipnama seredilende mejlisiň geçiriljek güni hakynda prokurora habar berilýär, onuň bolsa şol mejlise gatnaşmaga hukugy bardyr.

32-nji madda. Tabşyryknama

1. Eger kanunyň bozulmagynyň raýatyň, döwletiň, kärhananyň, edaranyň, guramanyň hukuklaryna hem-de kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip bilmegi mümkin bolsa, onda şol kanun bozulmanyň haýal etmän aradan aýrylmagy barada prokuror tarapyndan ýazmaça tabşyryknama berilýär.

2. Tabşyryknama kanun bozulma ýol beren, şeýle düzgün bozulmany düzetmäge doly ygtyýarly bolan edara ýa-da wezipeli adama ýa-da tabynlyk tertibinde ýokardaky edara ýa-da wezipeli adama berilýär.

3. Tabşyryknamada haýsy kanunyň bozulandygy, hukuk bozulmasynyň häsiýeti we kanun bozulmany aradan aýyrmak boýunça çäreler hakynda anyk teklipler görkezilmelidir.

4. Tabşyryknama haýal edilmän ýerine ýetirilmelidir. Tabşyryknamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda prokurora ýazmaça habar berilýär.

33-nji madda. Duýduryş

1. Prokuror kanun bozulmanyň bolmagyna şert döredýän ýagdaýlaryň bardygy, şeýle hem wezipeli adamyň ýa-da raýatyň kanuny bozmaga taýýarlanýandygy barada maglumat alan halatynda kanun bozulmanyň öňüni almak maksady bilen, wezipeli adama ýa-da raýata ýazmaça görnüşde duýduryş berýär.

2. Duýduryşda beýan edilen talaplaryň ýerine ýetirilmedik halatynda, ony mälim edilen şahs kanunda bellenilen tertipde jogapkärçilige çekilip bilner.

34-nji madda. Karar

1. Prokuror wezipeli adamyň ýa-da raýatyň kanuny nähili häsiýetde bozandygyna baglylykda jenaýat işini, düzgün-nyzam önümçiligini ýa-da administratiw hukuk tertibiniň bozulandygy hakyndaky önümçiligi gozgamak hakynda delillendirilen karar çykarýar. Prokuror delillendirilen karary özüniň talaplaryny bildirmegiň görnüşi hökmünde beýleki halatlarda hem çykaryp biler.

2. Prokuroryň düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini gozgamak hakyndaky karary ygtyýarly edara ýa-da wezipeli adam tarapyndan şol kararyň gelip gowşan wagtyndan soň on günden gaýra goýman, mejbury ýagdaýda getirmek hakyndaky karary bolsa gaýragoýulmasyz ýerine ýetirilmelidir we onuň netijeleri barada prokurora habar berilmelidir.

35-nji madda. Kazyýete hak isleýiş arza

1. Döwletiň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we raýatlaryň bähbitleri üçin prokuroryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kazyýetlerine hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutmaga we işiňseljerilişine gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän hukuk namasyna getirilen garşylyknama ret edilen halatynda prokuror onuň bikanundygyny ykrar etmek hakyndaky hak isleýiş arza bilen kazyýete ýüz tutýar.

3. Garşylyknamanyň ret edilmegi bilen baglanyşykly kazyýete berlen arza Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde prokuroryň we garşylyknamany ret eden edaranyň wekiliniň gatnaşmagynda kazyýet tarapyndan seredilýär.

4. Prokuroryň kazyýete ýüz tutmagy garşylyknama getirilen hukuk namasynyň hereketini kazyýet tarapyndan arza seredilýänçä togtadýar.

36-njy madda. Sanksiýa

1. Prokuror Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sanksiýa berýär.

2. Prokuror tarapyndan sanksiýa bermek ýa-da ony bermekden ýüz döndermek wezipeli adamyň kabul eden kararyna rezolýusiýa goýmak görnüşinde resmileşdirilýär.

3. Prokuror sanksiýa bermek hakyndaky mesele çözülende raýatyň hukuklaryny çäklendirýän hereketleri amala aşyrmaga esas berýän maglumatlary öwrenýär we kanunda göz öňünde tutulan esaslar bolan ýagdaýynda sanksiýa berýär.

37-nji madda. Maglumat

Prokuror öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde we tertipde degişli döwlet häkimiýet edaralaryna maglumat berýär.

38-nji madda. Prokuror gözegçiliginiň namalaryna şikaýat etmek

1. Prokuroryň garşylyknamasynyň, teklipnamasynyň, tabşyryknamasynyň, duýduryşynyň, kararynyň we beýleki resminamalarynyň üstünden şu namalaryň berlen edarasy ýa-da wezipeli adam tarapyndan on günüň dowamynda ýokardaky prokurora şikaýat edilip bilner.

2. Şikaýat edilmegi prokuror gözegçiliginiň namalarynyň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

III BAP. DESSIN-AGTARYŞ, ANYKLAÝYŞ WE DESLAPKY DERŇEW IŞLERINI GEÇIRÝÄNEDARALARYŇ KANUNLARY ÝERINE

ÝETIRIŞINE PROKUROR GÖZEGÇILIGI

39-njy madda.
Prokuror gözegçiliginiň mazmuny

Prokuror gözegçiliginiň mazmuny dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew işlerini geçirýän ähli edaralar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegidir we şu aşakdakylaryň üpjün edilmegidir:

1) şahsyýeti, döwleti we ýuridik şahslary jenaýatçylykly kast etmelerden goramagy üpjün etmek; jenaýatlar hakyndaky arzalaryň we habarlaryň çözülmeginiň, dessin-agtaryş işlerini geçirmegiň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýat işlerini gozgamagyň we ýatyrmagyň ýa-da jenaýat işleri boýunça önümçiligi togtatmagyň kanunda göz öňünde tutulan tertibini berjaý etmek, şeýle hem derňewi geçirmegiň we tussaglykda saklamagyň möhletlerini berjaý etmek;

2) raýatlaryň jenaýat jogapkärçiligine bikanun çekilmegine ýol bermezlik; aýyplanýany paş edýän, onuň jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ähli ýagdaýlary hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlamak hakynda Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek; iş ýöredişe gatnaşyjylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini pugta berjaý etmek;

3) jenaýatlaryň öňüni almak, olaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýok etmek boýunça çäreleri görmek.

40-njy madda. Dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew işlerini geçirýän edaralar tarapyndan kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylanda prokuroryň ygtyýarlyklary

1. Prokuror dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew işlerini geçirýän edaralaryň hereketleriniň kanunylygyna gözegçiligi amala aşyranda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) amala aşyrylan ýa-da taýýarlanylýan jenaýatlar hakynda arzalary we habarlary kabul etmek, bellige almak we çözmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişini barlaýar;

2) şol edaralardan barlamak üçin jenaýat işlerini, amala aşyrylan ýa-da taýýarlanylýan jenaýatlar baradaky, dessin-agtaryş işiniň, anyklaýşyň, deslapky derňewiň barşy hakyndaky resminamalary, maglumatlary we beýleki maglumatlary talap edýär;

3) bu işi amala aşyrýan edaralar tarapyndan dessin-agtaryş işlerini geçirmegiň kanunylygyny barlaýar, dessin-agtaryş çäreleri amala aşyrylanda kanunylygyň bozulmalaryny ýok etmek üçin çäreleri görýär;

4) anyklaýşy we deslapky derňewi geçirýän adamlaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlara seredýär we çözýär;

5) anyklaýşy, deslapky derňewi geçirýän we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan kanunçylygyň bozulmalarynyň ýüze çykarylan maglumatlary boýunça prokuror täsir ediş çärelerini görýär;

6) sülçileriň we anyklaýşy geçirýän adamlaryň bikanun we esaslandyrylmadyk kararlaryny, şeýle hem derňew we anyklaýyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň kanuna laýyk gelmeýän görkezmelerini we kararlaryny ýatyrýar;

7) jenaýaty derňemek hakynda, ätiýaçsyzlandyryş çäresini saýlamak, üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda, jenaýatlary maddalaşdyrmak, aýry-aýry derňew hereketlerini geçirmek we jenaýatlary amala aşyran adamlary agtarmak hakynda ýazmaça görkezmeler berýär;

8) prokuroryň ýa-da prokuraturanyň sülçisiniň önümçiliginde bar bolan işler boýunça aýry-aýry derňew hereketlerini amala aşyrmagy tabşyrýar;

9) adamyň tussag edilmegine, öý dökülmegine, poçta-telegraf hat-habarlaryň gozgamasyz edilmegine we alynmagyna, telefon we beýleki gepleşikleriň, telegraf habarlarynyň diňlenilmegine, aýyplanýanyň wezipesinden çetleşdirilmegine, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň gözegçilikli satyn alynmagyna we gözegçilik astynda iberilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde sanksiýa berýär;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde derňewiň, ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussaglykda saklamagyň möhletini uzaldýar we belleýär;

11) Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda goşmaça derňew geçirmek hakynda ýazmaça görkezmeleri bermek bilen anyklaýyş we deslapky derňew edaralaryna jenaýat işlerini gaýtarýar;

12) Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda anyklaýyş we deslapky derňew önümçiligine gatnaşmaga, şeýle hem özi islendik iş boýunça aýry-aýry derňew hereketlerini ýa-da doly möçberde derňew geçirmäge hukuklydyr;

13) işi bir edara we bir sülçi tarapyndan derňemek ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde upjün edýär, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa derňewiň has doly we dogry geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen işi başga edara ýa-da başga wezipeli adama bermek hakyndaky meseleleri çözýär;

14) eger jenaýat işi derňelende Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berilse, onda anyklaýyş geçirýän adamy ýa-da sülçini anyklaýşy ýa-da deslapky derňewi mundan beýläk alyp barmakdan çetleşdirýär;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýat işlerini gozgaýar, aýyplaw netijenamalaryny tassyklaýar, jenaýat işlerini kazyýete iberýär ýa-da jenaýat işlerini gozgamakdan ýüz dönderýär, deslapky dernewi togtadýar ýa-da jenaýat işleri boýunça önümçiligi ýatyrýar;

16) zerur halatlarda derňew we anyklaýyş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny düzetmek maksady bilen özüne tabyn bolan edaralarda barlaglaryň geçirilmegini talap edýär.

2. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän deslapky derňew we anyklaýyş meseleleri boýunça ýazmaça görkezmeleri hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

41-nji madda. Prokuratura edaralary tarapyndan jenaýatlary derňemek



1. Prokuratura edaralary döwletiň wezipeli adamlary tarapyndan edilen jenaýatlar, şeýle hem TürkmenistanyňJenaýat iş ýörediş kodeksinde görkezilen jenaýatlar boýunça derňemäge degişli bolan beýleki jenaýat işleri boýunça derňewi geçirýärler.

2. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýa-da onuň orunbasarlarynyň ýazmaça rugsady bilen, Türkmenistanyňjenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda prokuratura edaralary jenaýat işleri beýleki derňew edaralaryndan talap edip, olary öz önümçiligine almaga hukuklydyrlar.

42-nji madda. Raýatlaryň hukuklaryny çäklendirýän hereketlere sanksiýa bermek

Raýatlaryň hukuklaryny çäklendirýän hereketlere sanksiýa bermek Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň, etrap we etrap hukukly şäher prokuraturalaryna, şeýle hem harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalara ýolbaşçylyk edýän prokurorlar we olaryň orunbasarlary tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esaslarda hem-de tertipde amala aşyrylýar.

IV BAP. PROKURORYŇ KAZYÝETLERDE IŞLERE

SEREDILENDE GATNAŞMAGY

43-nji madda.
Prokuroryň kazyýetlerde işlere seredilende gatnaşmagy

1. Prokuror kazyýetlerde işleriň seljerilişine kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýar.

2. Kazyýetde işlere seredilende gatnaşýan prokuroryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

44-nji madda. Prokuroryň döwlet aýyplawyny goldamagy

1. Prokuror kazyýetde döwlet aýyplaýjysy hökmünde çykyş edýär we döwlet aýyplawyny goldamak arkaly Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we işiň ähli ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn, doly we dogry derňelmegine esaslanan öz içki ynam-ygtykadyny gollanýar. Eger prokuror kazyýetiň seljerişiniň netijesinde kazyýetde işi seredilýäne bildirilýän aýyp tassyklanmady diýen netijä gelse, onda ol ony aýyplamakdan ýüz döndermäge borçludyr.

2. Derňew geçiren adam döwlet aýyplaýjysy hökmünde bu işiň kazyýetde seredilmegine gatnaşyp bilmez.

45-nji madda. Kazyýet seljerişinde prokuroryň ygtyýarlyklary

Prokuror kazyýetiň mejlisinde işler seljerilende Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:

1) kazyýetiň jenaýat işleri boýunça serenjam mejlisine, kazyýetde birinji basgançak boýunça jenaýat, raýat, arbitraž we administratiw hukuk bozulmalary baradaky işleri seljerilende gatnaşýar;

2) jenaýat, raýat, arbitraž işlerine, şeýle-de administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde seljerilende öz pikirini aýdýar.

46-njy madda. Kazyýetiň kararlaryna garşylyknama we teklipnama getirmek hukugy

Prokuror kazyýetiň kanuna ters gelýän hökümine, çözgüdine, kararyna we kesgitnamasyna Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda teklipnama ýa-da garşylyknama getirmäge we olary kazyýetde seredilip başlanmazdan öň yzyna almaga hukuklydyr.

47-nji madda. Kazyýetiň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini togtatmak hukugy

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, jenaýat işleri boýunça Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazysynyň ýa-da kazyýetiniň garşylyknama getirilen höküminiň, kesgitnamasynyň we kararynyň, onuň orunbasarlary bolsa Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň we Giňişleýin mejlisiniň kararlaryndan başga, Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazysynyň ýa-da kazyýetiniň garşylyknama getirilen höküminiň, kesgitnamasynyň we kararynyň ýerine ýetirilmegini iş gözegçilik tertibinde çözülýänçä togtatmaga, raýat işleri boýunça bolsa, bellenilen tertipde getirilen teklipnamada prokuror kazyýetde gözegçilik önümçiliginiň tamamlanmagyna çenli işiň önümçilikden togtadylmagy barada haýyş bildirmäge hukuklydyr.

48-nji madda. Prokuroryň kazyýetlere ugrukdyryjy düşündirişler bermek hakyndaky teklipnamasy

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň jenaýat, raýat we arbitraž işlerine, administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işleriň seredilmegi bilen baglanyşykly kanunlary ulanmak meseleleri barada kazyýetlere ugrukdyryjy düşündirişler bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň seretmegine teklipnama girizmäge hukugy bardyr.

V BAP. TUTULYP SAKLANAN ADAMLARYŇ SAKLANYLÝAN ÝERLERINDE, DESLAPKY TUSSAG ÝERLERINDE, JEZA ÇÄRELERI HEM-DE KAZYÝETIŇ MEJBUR EDIŞ HÄSIÝETLI BELLÄN BEÝLEKI ÇÄRELERI ÝERINE ÝETIRILENDE KANUNÇYLYGYŇ BERJAÝ

EDILIŞINE PROKUROR GÖZEGÇILIGI

49-njy madda.
Prokuror gözegçiliginiň mazmuny

Prokuror gözegçiliginiň mazmuny şulardan ybaratdyr:

1) tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ýerlerinde, düzediş edaralarynda we jeza çärelerini ýerine ýetirýän beýleki edaralarda saklanylmagynyň we kazyýet tarapyndan bellenilýän mejbur ediş çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň kanunylygyndan;

2) tutulyp saklanan, tussag edilen, azatlykdan mahrum edilen we mejbur ediş çäreler ulanylan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen hukuklarynyň hem-de borçlarynyň, olary saklamagyň tertibiniň we şertleriniň berjaý edilmeginden;

3) azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jeza çäresiniň ýerine ýetirilmeginiň kanunylygyndan.

50-nji madda. Tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ediş ýerlerinde, jeza çäreleriniň hem-de kazyýetiň bellän mejbur ediş çäreleriniň beýleki görnüşleri ýerine ýetirilende kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmekde prokuroryň ygtyýarlyklary

1. Prokurorlar kanuny ygtyýarlyklaryndan netijeli peýdalanmak bilen administratiw taýdan tussag edilenleriň saklanylýan ýerlerinde, wagtlaýyn saklaw gabawhanalarynda we derňew gabawhanalarynda, düzediş edaralarynda, arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýänleriň dikeldiş merkezinde, azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäreleriniň ýerine ýetirilýän ýerlerinde saklanýanlaryň kanuny hukuklarynyň goralmagy, olaryň maddy-durmuş, saglyk, arassaçylyk şertleriniň gowulandyrylmagy, şol edaralaryň işgärleriniň bikanun hereketleriniň öňüniň alynmagy we ýol berilýän kanun bozulmalaryň aradan aýrylmagy barada anyk çäreleri görmelidirler.

2. Prokuror tarapyndan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik amala aşyrylanda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) şu Kanunyň 49-njy maddasynda görkezilen edaralara yzygiderli islendik wagtda baryp we olaryň islendik jaýlaryna päsgelçiliksiz girip bilýär;

2) tutulyp saklananlardan, tussag edilenlerden, iş kesilenlerden ýa-da beýleki mejbur ediş çäreler ulanylanlardan düşündiriş alýar;

3) adamyň tutulyp saklanylmagyna, administratiw taýdan tussag edilmegine, tussag edilmegine, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekmegine we jezanyň beýleki çärelerine ýa-da mejbur ediş çäreleriň ulanylmagyna esas bolan resminamalar bilen tanyşýar;

4) wagtlaýyn saklaw we derňew gabawhanalarynda bikanun saklanylýan ýa-da kanunlaryň bozulmagy bilen tutulyp saklanylаn, deslapky tussag edilen her bir adamy öz karary bilen boşadýar, şeýle çäreleriň kazyýet edaralary tarapyndan ulanylýan halatlary muňa girmeýär;

5) ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussaglykda saklamagyň kanunda bellenilen möhletiniň uzaldylmadyk halatynda tussag edilenler tussag ediş ýerlerinden kanunylygyň berjaý edilişine gözegçilik edýän prokuroryň karary boýunça tussaglykdan boşadylýar;

6) şu Kanunyň 49-njy maddasynda görkezilen edaralaryň ýolbaşçylarynyň buýruklarynyň we kararlarynyň şol edaralarda adamlary saklamagyň tertibini we şertlerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini barlaýar, olar kanunlara laýyk gelmedik ýagdaýynda şeýle namalaryň ýerine ýetirilmegini togtadýar, olara garşylyknama getirýär, jogapkär wezipeli adamlardan düşündiriş talap edýär;

7) tutulyp saklanan, administratiw taýdan tussag edilen, tussag edilen, azatlykdan mahrum ediş çäresi ulanylan adamlaryň, şeýle hem beýleki jeza çäreleri ýa-da mejbur ediş çäreler ulanylan adamlaryň döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine, döwlet wezipeli adamlara şikaýat we arzalar bilen ýüz tutmak barada kanunda göz öňünde tutulan hukuklarynyň hem-de administrasiýanyň şikaýatlary we arzalary degişli ýerlerine bellenilen tertipde ibermek boýunça kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişini barlaýar we administrasiýa tarapyndan kanunlaryň şu talaplary bozulan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri görýär;

8) kanunyň talaplaryna laýyk gelmedik halatynda, tussag edilen, azatlykdan mahrum edilen adamlara berlen düzgün-nyzam temmisini ýatyrýar, öz karary bilen olary gabawhanadan haýal etmän boşadýar.

51-nji madda. Prokuroryň talaplarynyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygy

Tutulyp saklananlary, tussag edilenleri, azatlykdan mahrum edilenleri, mejbur ediş çäreler ulanylan adamlary ýa-da psihiatrik lukmançylyk edaralara ýerleşdirilenleri saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibini we şertlerini ýerine ýetirmek hakynda prokuroryň karary we talaby administrasiýa tarapyndan, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jeza çäresi bellenilen adamlar barada kazyýetiň çykaran hökümlerini ýerine ýetirýän edaralar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

VI BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINDE,

BEÝLEKI GOŞUNLARYNDA WE HARBY EDARALARYNDA

KANUNLARYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞINE PROKUROR GÖZEGÇILIGI

52-nji madda.
Harby prokuratura edaralarynyň gözegçilik çäkleri

Harby prokuratura edaralary öz ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda amala aşyrýarlar.

53-nji madda. Harby prokuratura edaralary tarapyndan jenaýatlaryň hasabatynyň ýöredilmegi

Harby prokuratura edaralarynyň üstüne şu aşakdaky jenaýatlaryň ýeke-täk hasabatyny ýöretmek ýüklenilýär:

1) harby gullukçylar we ätiýaçlykda bolýan harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar tarapyndan edilen jenaýatlaryň;

2) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralaryň gullukçylary we işçileri tarapyndan gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtlarynda edilen jenaýatlaryň;

3) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralaryň çäginde edilen jenaýatlaryň.

54-nji madda. Gauptwahtalarda we harby düzediş bölümlerinde kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça harby prokuroryň ygtyýarlyklary

1. Gauptwahtalarda, harby düzediş bölüminde, şeýle hem harby bölümlerde kazyýetler tarapyndan bellenilen jezalar ýerine ýetirilende kanunlaryň we harby tertipnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyranda harby prokuror öz ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) kanunlaryň we harby tertipnamalaryň ýerine ýetirilişini barlamak maksady bilen yzygiderli we islendik wagtda gauptwahtalara, harby düzediş bölümine, tutulyp saklanan we tussag astyna alnan harby gullukçylaryň beýleki saklanylýan ýerlerine girmäge;

2) düzgün-nyzam tertipde tussag edilenleriň, jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklananlaryň, tussag edilenleriň, gauptwahtalarda saklanylýanlaryň we harby düzediş bölüminde jeza çäresini çekýänleriň haýsy resminamalaryň esasynda saklanylýandyklary bilen tanyşmaga;

3) gauptwahtalarda we harby düzediş bölüminde, tutulyp saklanan we tussag astyna alnan harby gullukçylaryň beýleki saklanylýan ýerlerinde bikanun saklanylanlary ýa-da kanuny bozup saklanan, deslapky derňewde ýa-da düzgün-nyzam tertibinde tussag astyna alnan adamy tussaglykdan boşatmaga;

4) tutulyp saklananlardan, tussag edilenlerden we iş kesilip azatlykdan mahrum edilenlerden düşündiriş almaga;

5) serkerdeleriň (başlyklaryň) we beýleki wezipeli adamlaryň buýruklarynyň we görkezmeleriniň tutulyp saklananlaryň, tussag astyna alnanlaryň, azatlykdan mahrum edilenleriň saklanylyşynyň şertlerini we tertibini kadalaşdyrýan kanunlaryň we tertipnamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini barlamaga, şeýle namalaryň ýerine ýetirilişi kanuna ýa-da harby tertipnamalara gabat gelmese, garşylyknama getirmäge hukuklydyr.

2. Tutulyp saklananlaryň, tussag edilenlerden we iş kesilip azatlykdan mahrum edilenleriň saklanylyşynyň kanun we harby tertipnamalar tarapyndan kesgitlenilen şertleriniň we tertibiniň berjaý edilişi hakynda harby prokuroryň ugradan kararynyň, teklipnamasynyň we tabşyryknamasynyň serkerdeler (başlyklar) we beýleki wezipeli adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmandyr.

55-nji madda. Tutulyp saklananlaryň we tussag edilenleriň goragy we sakçylyk edilmegi

1. Goşun we garnizon gauptwahtalarda tussag edilenleri harby prokuraturalara äkitmek üçin sakçylyk etmek, goramak we saklamak harby bölümler we garnizonlaryň harby komendaturalary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Düzediş edaralaryndaky we tussag edilip saklanylýan beýleki ýerlerdäki adamlara sakçylyk etmek bellenilen tertipde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli gulluklary we harby bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar.

IV bölüm. PROKURATURA EDARALARYNYŇ

IŞGÄRLERI

56-njy madda.
Prokuratura edaralaryndaky gulluk

1.Prokuratura edaralaryndaky gulluk döwlet gullugynyň bir görnüşidir. Prokuratura işgärleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda gulluk wezipelerini ýerine ýetirýän döwlet gullukçylary bolup durýarlar.

2. Prokuratura işgärleriniň hukuk ýagdaýy we olaryň gulluk şertleri şu Kanun hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şu Kanun we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen düzgünleşdirilýär.

57-nji madda. Prokuratura edaralarynyň prokurory we sülçüsi wezipelerine bellenilýän adamlara bildirilýän talaplar

1. Prokuratura edaralarynyň prokurory we sülçüsi wezipelerine ýokary ýuridik bilimi, hünärleýin ussatlygy, ahlak sypatlary we öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmäge saglyk ýagdaýy bolan Türkmenistanyň raýatlary bellenilýär.

2. Wezipä ilkinji bellenen prokurorlar (sülçüler) bellenen gününden başlap on günüň dowamynda şu aşakdaky kasamy kabul edýärler:

«Men (ady, atasynyň ady, familiýasy) prokuror (sülçi) wezipesine girişmek bilen öz borçlarymy dogry we päk ýürekden ýerine ýetirmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini goramaga, öz ygtyýarlygymy diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanuna tabyn bolup amala aşyrmaga, dogruçyl we adalatly bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza we Türkmenistanyň Prezidentine gulluk etmäge kasam edýärin.».

3. Prokurorlaryň (sülçüleriň) kasamy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynyň kollegiýalarynda kabul edilýär.

4. Ýokary hukuk okuw mekdebini tamamlan we öz hünäri boýunça iş tejribesi bolmadyk adamlar prokuratura edaralarynda bir ýyla çenli möhletde hünär tälimini alýarlar. Hünär tälimini almagyň tertibi Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine, welaýatlaryň, we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalaryna, şeýle hem etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokuraturalaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalara ýolbaşçylyk edýän prokurorlaryň wezipelerine ýaşy 25-den pes bolmadyk, prokuratura edaralarynda işlän döwri bäş ýyldan az bolmadyk adamlar bellenilýär.

58-nji madda. Prokuratura edaralarynda işlemek bilen baglanyşykly çäklendirmeler

1. Prokuratura işgärleriniň şulara hukugy ýokdur:

1) mugallymçylyk we ylmy işinden başga hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga;

2) özüniň ýa-da öz ynanylan wekiliniň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

3) döwlet emlägini we gulluk habaryny gulluk bilen bagly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmaga;

4) wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hyzmatlaryny şahsy maksatlar üçin peýdalanmaga.

2. Eger ýakyn garyndaşlykda ýa-da gudaçylykda durýan adamlaryň (ene-atanyň, är-aýalyň, doganlaryň, ogullaryň, gyzlaryň, şeýle hem är-aýalyň ene-atasynyň, doganlarynyň we çagalarynyň) işi olardan biriniň beýlekä gös-göni tabynlygy ýa-da gözegçiligi bilen baglanyşykly bolsa, onda prokuratura edaralarynyň ulgamynda olaryň bilelikdäki işine ýol berilmeýär.

3. Prokuratura işgärleri şol bir wagtda saýlawly edaralaryň we döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan döredilýän beýleki edaralaryň agzalary bolup bilmeýärler.

4. Prokurorlar we sülçüler syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalygynda bolup bilmeýärler.

59-njy madda. Prokuratura işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak boýunça prokurorlaryň ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň Baş prokurory şu wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar:

1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda baş müdirlikleriň, müdirlikleriň, bölümleriň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny, uly prokurorlaryny we prokurorlaryny, gözegçiligiň käbir ugurlary we aýratyn tabşyryklar boýunça uly kömekçisini we kömekçisini, aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçülerini we sülçülerini, şeýle hem uly sülçülerini we beýleki işgärlerini;

2) welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynyň baş bölümleriniň, bölümleriniň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny, prokuroryň uly kömekçilerini, aýratyn möhüm işler boýunça sülçülerini we baş hasapçylaryny;

3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokuraturalarynda, ýöriteleşdirilen prokuraturalarda prokurorlaryň orunbasarlaryny;

4) harby prokuraturalarda harby prokurorlaryň orunbasarlaryny, uly kömekçilerini, kömekçilerini, uly sülçülerini we sülçülerini.

2. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary şu wezipelere belleýärler we wezipelerden boşadýarlar:

1) welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda baş bölümleriň we bölümleriň uly prokurorlaryny we prokurorlaryny, prokuroryň kömekçilerini, uly sülçülerini we beýleki işgärlerini;

2) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokuraturalarynda we ýöriteleşdirilen prokuraturalarda prokuroryň uly kömekçilerini, kömekçilerini, uly sülçülerini, sülçülerini we beýleki işgärlerini.

60-njy madda. Prokuratura işgärleriniň hünär derejeleri we beýleki atlary

1. Prokuratura işgärlerine öz eýeleýän wezipesine, hünärine we iş döwrüne laýyklykda hünär derejeleri hem beýleki atlar dakylýar.

2. Prokuratura işgärlerine hünär derejelerini we beýleki atlary dakmagyň hem olardan mahrum etmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

61-nji madda. Prokuratura işgärleriniň hünär synagy

Işgärleriň eýeleýän wezipelerine laýyk gelýändigini kesgitlemek, olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, gulluk düzgün-nyzamyny pugtalandyrmak maksady bilen prokuratura edaralarynda hünär synaglary geçirilýär. Hünär synagyna hünär derejesi bar bolan ýa-da eýeleýän wezipesi boýunça hünär derejelerini dakmak göz öňünde tutulan işgärler degişlidir. Hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan bellenilýär.

62-nji madda. Prokuratura işgärleriniň gulluk şahsyýetnamasy

1. Türkmenistanyň Baş prokuroryna bellenilen nusgadaky gulluk şahsyýetnamasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berilýär.

2. Türkmenistanyň Baş prokurory hem-de welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary tarapyndan degişli prokuratura işgärlerine bellenilen nusgadaky gulluk şahsyýetnamasy berilýär.

3. Gulluk şahsyýetnamasy prokuratura işgäriniň şahsyýetini, onuň hünär derejesini we wezipesini tassyklaýan resminamadyr.

63-nji madda. Prokuratura işgäriniň şahsy işi

1. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda her bir işgär üçin şahsy iş ýöredilýär, onda görkezilen işgär hakynda, onuň prokuratura edaralarynda gullugy geçişi, hünärini ýokarlandyryşy hakynda maglumatlar saklanylýar.

2. Prokuratura işgäriniň öz şahsy işindäki ähli maglumatlar bilen tanyşmaga, şahsy işine özüniň ýazmaça görnüşdäki düşündirişlerini goşmaga haky bardyr. Prokuratura işgärleriniň şahsy işlerini ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan kesgitlenilýär.

64-nji madda. Gulluk lybasy

1. Prokuratura işgärleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilen tertipde gulluk lybasy bilen tölegsiz üpjün edilýär.

2. Prokuratura işgäriniň kazyýetde işleriň seljerişine gatnaşan mahalynda, şeýle hem prokuratura edaralarynyň resmi wekilçiliginiň beýleki halatlarynda gulluk lybasyny geýmegi hökmandyr.

3. Prokuratura edaralarynda iş döwri 25 ýyldan az bolmadyk we ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi ýa-da ondan ýokary hünär derejesi bolan, prokuratura edaralaryndan işden çykan adamlaryň gulluk lybasyny geýmäge hukugy bardyr. Bu ýagdaý prokuratura işgäriniň abraýyny masgaralaýan etmişi edendigi üçin işden boşadylan ýa-da hünär derejesinden mahrum edilen adamlara degişli däldir.

65-nji madda. Prokuratura işgäriniň başga ýerdäki prokuratura edarasyna işe geçirilmegi

1. Prokuratura işgärini gullugyň bähbitleri üçin başga ýerdäki prokuratura edarasyna geçirmek Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Başga ýerdäki prokuratura edarasyna hemişelik gulluga geçirilen prokuratura işgärlerine, olaryň we olaryň maşgala agzalarynyň göçmegi üçin çykarylan çykdajylaryň öwezi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly möçberde dolunýar.

66-njy madda. Prokuratura işgäriniň höweslendirilmegi

1. Prokuratura edaralarynda işgärlere gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirýändigi, uzak wagtlap we birkemsiz gulluk edýändigi, aýratyn möhüm we çylşyrymly tabşyryklary ýerine ýetirendigi üçin şu aşakdaky höweslendirmeler ulanylýar:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) hünär derejesini möhletinden öň dakmak ýa-da nobatdakysyndan bir dereje ýokary hünär derejesini dakmak;

4) «Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak.

2. «Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Aýratyn tapawutlanan işgärler nobatdakysyndan ýokary derejeli hünär derejesiniň dakylmagyna, Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmaga hödürlenip bilner.

4. Türkmenistanyň Baş prokurory şu maddanyň birinji böleginiň 1–2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan sylaglary gös-göni prokuratura edaralarynyň işgärleri bolup durmaýan, ýöne kanunylygyň pugtalandyrylmagyna we Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine uly kömek berýän beýleki adamlar babatda hem ulanyp biler.

67-nji madda. Prokuratura işgärleriniň düzgün-nyzam jogapkärçiligi

1. Işgärleriň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da harsal ýerine ýetirendigi we prokuratura işgäriniňabraýyny masgaralaýan gabahat iş edendigi üçin prokuratura edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda olara aşakdaky düzgün-nyzam temmileri berlip bilner:

1) duýduryş;

2) käýinç;

3) berk käýinç;

4) üç aýa çenli pes wezipä geçirmek;

5) prokuratura edaralaryndan işden çykarmak.

2. Türkmenistanyň Baş prokurory tabynlygyndaky prokurorlaryň Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan wezipä bellenilýän işgärleri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek baradaky ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

3. Düzgün-nyzam temmisi diňe edilen etmiş gös-göni ýüze çykarylandan soň, ýöne onuň üstüniň açylan gününden başlap, bir aýdan gijä goýman berilýär. Işgäriň ýarawsyz wagtynda ýa-da onuň zähmet rugsady döwründe düzgün-nyzam temmisiniň berilmegine ýol berilmeýär.

4. Düzgün-nyzam temmisi etmişiň edilen gününden başlap, alty aýdan, maliýe-hojalyk işlerine geçirilen derňewiň ýa-da barlagyň netijeleri boýunça bolsa, etmişiň edilen gününden başlap, iki ýyldan soň berlip bilinmez.

5. Eger prokuratura işgärleriniň eden nädogry hereketleri kanuny bilgeşleýin bozmakdan ýa-da betnebislikden gelip çykmadyk bolsa, onda olaryň aklaýyş höküminiň çykarylmagyna, jenaýat işiniň goşmaça derňewe gaýtarylmagyna, ätiýaçsyzlandyryş çäreleriniň we gaýry iş ýörediş çözgütleriniň ýatyrylmagyna getiren hereketleri öz-özünden prokuratura işgärleriniň jogapkärçilige çekilmegine eltip bilmeýär.

68-nji madda. Prokurorlary we sülçüleri jenaýat jogapkärçiligine çekmegiň tertibi

1. Prokuratura edaralarynyň prokurorlary ýa-da sülçüleri tarapyndan ýol berlen kanunbozulmalar hakyndaky habarlary we şeýle halatlar barada beýleki hukuk goraýjy edaralardan gelip gowşan maglumatlary barlamak işi prokuratura edaralary tarapyndan geçirilýär.

2. Prokuraturanyň prokurorlary we sülçüleri barada jenaýat işini gozgamak we derňemek gös-göni prokuraturanyň ygtyýarlygyndaky iş bolup durýar we ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýänler babatynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň razylygy bilen, beýlekiler babatynda bolsa ýokardaky prokuroryň razylygy bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

3. Prokuror ýa-da sülçi barada gozgalan jenaýat işi derňelýän döwürde olar wezipelerinden çetleşdirilýär.

4. Prokurorlar we sülçüler tarapyndan kanun bozulmalara ýol berlende ýa-da jenaýat edenlerinde olary tutup saklamak, mejbury getirmek, olaryň ýanyny dökmek, zatlaryny ýa-da awtoulaglaryny barlamak ýokardaky prokuroryň gatnaşmagynda geçirilýär.

69-njy madda. Prokuratura edaralaryndaky gullugyň bes edilmegi

1. Prokuratura edaralaryndaky gulluk prokuratura işgäri işden çykarylanda bes edilýär.

2. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslardan başga-da, prokuratura işgäri prokuratura edarasynyň ýolbaşçysynyň başlangyjy boýunça şu halatlarda işden çykarylyp bilner:

1) prokuratura işgäriniň Kasamyny bozan ýagdaýynda;

2) prokuratura işgäriniň abraýyny masgaralaýan etmişi edende;

3) prokuratura edaralaryndaky gulluk bilen baglanyşykly çäklendirmeler berjaý edilmedik ýagdaýynda;

4) döwlet syryny ýa-da kanunlar tarapyndan goralýan beýleki maglumatlary aýan edendigi üçin.

70-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilen prokuratura işgäri üçin kepillikler

1. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen wezipä bellenilen prokuratura işgärine degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan döwründe prokuratura edaralaryndaky gullugy togtadylýar. Deputatlyga saýlanylan prokuratura işgäriniň ygtyýarlygy tamamlanandan soň oňa islegine görä öňki işlän wezipesi, beýle mümkinçiligiň ýok halatynda öňküsi bilen deň derejedäki başga wezipe berilýär.

2. Prokuratura işgäriniň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylmagy ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen wezipä bellenilmegi bilen baglanyşykly degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyran döwri, onuň umumy iş döwrüne we nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne goşulýar.

71-nji madda. Prokuratura işgäriniň wezipesine, hünär derejesine we prokuratura edaralaryndaky gullugyna dikeldilmegi

1. Işden bikanun çykarylan, başga wezipä bikanun geçirilen ýa-da hünär derejesinden bikanun mahrum edilen diýlip Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde ykrar edilen işgärler öňki wezipesine we öňki hünär derejesine dikeldilmäge ýa-da olaryň razylygy bilen deň derejedäki wezipä bellenilmäge degişlidir.

2. Prokuratura edaralaryndaky gullugyna dikeldilen işgäriň işden mejbury boş gezen wagty nobatdaky hünär derejesiniň dakylmagyna hukuk berýän umumy iş döwrüne goşulýar.

72-nji madda. Prokuratura işgärleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy

1. Prokuratura işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň öz gulluk borçlaryny talaba laýyk berjaý etmeklerini we prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda we okuw edaralarynda işgärleriň üznüksiz okuwynyň we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň ulgamy hereket edýär. Ol ýörite meýilnama boýunça özbaşdak we toparlaýyn okuwy, ýokarda durýan prokuratura edaralarynda hünär tälimini almagy öz içine alýar.

2. Hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak prokurorlaryň we sülçüleriň gulluk borjy bolup durýar. Okuwa we hünäri ýokarlandyrmaga bolan garaýyş hünär synagyndan geçirilende we prokuroryň ýa-da sülçiniň eýeleýän wezipesine laýyk gelýändigi, ony höweslendirmek we gulluk boýunça ýokary çekmek hakyndaky meseleler çözülende göz öňünde tutulýar.

73-nji madda. Prokuratura işgärleriniň hukuk goragy

1. Döwlet häkimiýetiniň wekilleri bolan prokuratura işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe eldegrilmesizdirler we döwletiň aýratyn goragy astynda bolýarlar. Prokuratura işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, emlägini jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan we hukuga garşy gelýän beýleki hereketlerden goramak Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kepillendirilýär.

2. Prokuratura işgärleriniň ýaşaýşy we saglygy degişli býujetiň serişdelerinden hökmany döwlet ätiýaçlandyrylmagyna degişlidir.

3. Prokuratura işgärleriniň ätiýaçlandyrylmagy hem olaryň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda aradan çykanda ýa-da maýyp bolanlarynda zyýanyň öwezini dolmak, birwagtlaýyn kömek puluny bermek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Gulluk işi bilen baglanyşyklylykda prokuratura işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň emlägine ýetirilen zyýanyň günäkärden ýa-da döwlet tarapyndan soňra zyýanyň pul möçberini günäkär adamlardan tutup almak bilen doly möçberde öwezi dolunýar.

74-nji madda. Prokuratura işgärleriniň maddy üpjünçiligi

1. Prokuratura işgärleriniň zähmet haky wezipe aýlyk hakyndan, hünär derejeleri we prokuratura edaralarynda gulluk eden ýyllary üçin goşmaça töleglerden ybaratdyr. Wezipe aýlyk hakynyň we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Prokuratura işgärlerine prokuratura edaralarynda gulluk eden ýyllary üçin goşmaça tölegiň möçberleri olaryň wezipe aýlyk hakyna we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegine baglylykda aşakdaky tertipde bellenilýär:

1 ýyldan 2 ýyla çenli - 5 göterim;

2 ýyldan 5 ýyla çenli - 10 göterim;

5 ýyldan 10 ýyla çenli - 20 göterim;

10 ýyldan 15 ýyla çenli - 25 göterim;

15 ýyldan 20 ýyla çenli - 30 göterim;

20 ýyldan 25 ýyla çenli - 35 göterim;

25 ýyldan ýokary - 40 göterim.

75-nji madda. Prokuratura edaralarynyň işgärlerine kepillikler we öwezini dolmalar

1. Başga ýere işe geçirilmegi ýa-da prokuratura edarasynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgedilmegi sebäpli prokuratura edaralarynyň işgäriniň täze ýaşaýyş ýerine göçmegi bilen baglanyşykly aşakdaky tölegler bellenilýär:

1) işgäriň we onuň maşgala agzalarynyň ýol harajatlarynyň we öý goşlaryny daşamak bilen bagly edilençykdajylaryň öwezini dolmak;

2) prokuratura edaralarynyň işgäriniň we onuň maşgala agzalarynyň ýolda bolýan wagty üçin gündelik harjy;

3) ýola taýýarlyk görmek we täze ýaşaýyş ýerinde ýerleşmek üçin gerek bolan günlere pul üpjünçiligi, ýöne alty günden köp bolmazdan, şeýle hem onuň ýolda bolýan wagty üçin pul üpjünçiligi;

4) prokuratura edaralarynyň işgäriniň özüne we onuň bilen gidýän her bir maşgala agzasyna berilýän birwagtlaýyn kömek puly.

Görkezilen öwezini dolmalaryň möçberi we olary tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.

2. Prokuratura edaralarynyň işgärleri gulluk iş saparyna iberilende Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen möçberlerde hem-de tertipde gulluk iş saparynyň çykdajylarynyň öwezi dolunýar.

76-njy madda. Prokuratura işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy we kepillikleri

1. Döwlet prokuratura edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär.

2. Prokuratura edaralarynda prokuror ýa-da sülçi wezipelerinde işläp, pensiýa ýaşyna ýeten işgärleriň prokuratura edaralaryndaky gulluk möhleti olaryň iş tejribesi, işiniň netijeliligi we saglyk ýagdaýy göz öňünde tutulyp, uzaldylyp bilner.

3. Prokuratura işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň pensiýa üpjünçiliginiň tertibi we möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

4. Prokuratura edaralarynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde şäher, şäherýaka, ýerli gatnawlardaky jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanýarlar.

5. Prokuratura edaralarynyň işgärleri gulluk iş saparlaryna iberilende ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnamak üçin ýolagçy peteklerini nobatsyz almaga, şeýle hem myhmanhanada ilkinji nobatda ýerleşmäge bolan hukukdan peýdalanýar.

6. Prokuratura edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

7. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç prokuratura işgärlerine abadanlaşdyrylan gulluk ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda bermäge, olar wezipä bellenende bolsa alty aýyň içinde üpjün etmäge borçludyrlar.

8. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirmek üçin başga ýerlere geçirilen prokuratura işgäriniň aýaly (äri) ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan işe ýerleşdirilýär.

9. Prokuratura işgärleriniň ilkinji nobatda öý telefonlary bilen üpjün edilmäge, hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerini we bagçylyk üçin ýer bölegini nobatsyz almaga hukugy bardyr.

10. Prokuratura edaralarynyň işgärleri pensiýa çykmagy bilen (eger olaryň prokuratura edaralarynda işlän döwri 20 ýyldan ýokary bolsa) hem-de özi bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary eýeläp oturan ýaşaýyş jaý meýdany we durmuş taýdan hyzmatlary (jemagat, elektrik energiýasy, suw we gaz) boýunça çykdajylary tölemek üçin ýaşaýyş jaý gorunyň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, elli göterimi möçberinde ýeňillikden peýdalanýarlar.

11. Prokuratura edaralarynda on ýyldan köp işlän prokuratura işgärleri, şeýle hem aradan çykan prokuratura işgärleriniň maşgala agzalary başga ýaşaýyş jaýyny bermezden, gulluk ýaşaýyş jaýyndan göçürilmäge degişli däldir.

12. Prokuratura edaralarynyň işgäri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty aradan çyksa ýaşaýyş jaýyny almaga bolan hukuk merhumyň maşgalasynda saklanyp galýar. Şunda ýaşaýyş jaýy prokuratura edaralarynyň işgäriniň aradan çykan gününden beýläk alty aýyň dowamynda berilmelidir.

13. Prokuratura işgäriniň pensiýa çykmagy bilen (eger onuň prokuratura edaralarynda işlän döwri 20 ýyldan ýokary bolsa) onuň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň dürli künjeginden saýlap alan ýerinden özüniň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy barada arza beren gününden beýläk bir ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýy berilmelidir.

14. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary prokuratura işgärlerine durmuş taýdan goraglylygyň şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki kepilliklerini belläp bilerler.

V bölüm. PROKURATURANYŇ IŞINI GURAMAGYŇ

BEÝLEKI MESELELERI

77-nji madda.
Prokuraturanyň ylmy we beýleki edaralary

1. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy prokuratura işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça edaralary döredip hem-de ýörite neşirleri çykaryp biler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Baş prokuraturanyň garamagynda onuň wezipelerini amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki edaralar hem bolup biler.

78-nji madda. Prokuratura edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi

1. Prokuratura edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde ýerleşýän prokuratura edaralaryny degişli gulluk jaýlary bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

3. Prokuratura edaralary ulag we tehniki serişdeler bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän merkezleşdirilen tertipde üpjün edilýär.

79-njy madda. Prokuratura edaralarynyň çykdajylary

Prokuratura işgärleri tarapyndan çagyrylýan adamlara ortaça iş haky, ýol puly we jaý kireýi üçin tölegler, prokuratura işgärleriniň tabşyryklaryny berjaý etmek üçin gatnaşdyrylýan bilermenlere, terjimeçilere we beýleki hünärmenlere zähmet hakyny tölemek boýunça çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerinden alynýar. Şu maksatlar üçin prokuratura edaralaryna serişdeleri bölüp bermegiň tertibi we möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

80-nji madda. Prokuratura edaralarynyň möhri

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we oňa tabyn prokuraturalaryň Türkmenistanyň Döwlet tugrasyşekillendirilen we döwlet dilinde öz atlary ýazylan möhürleri bolýar.

VI bölüm. PROKURORYŇ KANUNY IŞINE PÄSGEL

BERILMEGI, ONUŇ TALAPLARYNYŇ ÝERINE

ÝETIRILMEZLIGI ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

81-nji madda.
Prokuroryň kanuny işine päsgel berilmegi we onuň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilik

1. Prokuroryň Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanan, şu Kanun tarapyndan gözegçiligi amala aşyrmak boýunça berlen ygtyýarlyklara laýyklykdaky talaplarynyň ýerine ýetirilmegi olara degişli edilen ähli kärhanalar,edaralar, guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr, şeýle hem onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy päsgel berilmesizdir.

2. Prokuroryň kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da onuň kanuny işine päsgel berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

82-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje girýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmeli we kabul etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.
№ 305-V.